Biz barada

03.01.2023Biz barada
Web sahypanyň bölümleri:

* Täzelikler. Mugallymlaryň we olaryň taýýarlan okuwçylarynyň şäher, welaýat, döwlet, halkara derejesinde gazanan üstünlikleri, geçirýän bilim-terbiýeçilik çäreleri bilen bagly täzelikler ýerleşdirilýär.

* Pedagogika. Mugallymlaryň iş tejribesi, adygan türkmen pedagoglarynyň ganatly sözleriniň ýygyndysy, baýry mugallymlaryň ýaş mugallymlara we ata-enelere peýdaly maslahatlary.

* Gollanma. Bilim işgärlerine peýdaly gollanmalar.

* Döredijilik. Mugallymlaryň döreden görkezme esbaplary, şygyrlary, dürli mazmunly hekaýalary

* Söhbetdeşlik. Uzak ýyllaryň dowamynda bilim ulgamynda zähmet çeken, mugallymçylyk kärinde uly üstünlikleri gazanan mugallymlar, geljekde mugallym bolmaly talyplar, mugallym bolmagy arzuw edýän okuwçylar, mekdep ýyllaryndan söz açýan beýleki kärdäkiler bilen söhbetdeşlik we olar barada.

* Bäsleşik. Bilim, terbiýe we döredijilik ukybyny ösdürmek maksady bilen "Tmpedagog" taslamasy tarapyndan geçiriljek bäsleşikler.

* Bildiriş. Bu bölüm: "Bäsleşikler", "Gutlaglar", "Bildirişler" diýen şahalara bölünýär.
Bäsleşikler - mugallymlaryň we olaryň taýýarlaýan okuwçylarynyň gatnaşyp biljek bäsleşikleri bir ýere jemlenýär.
Gutlaglar - Döwlet sylaglary, Hormatly atlar, gazanylan üstünlikler, baýramçylyklar, doglan günler bilen baglanşykly arzuwlar we gutlag sözleri.
Bildirişler - pedagogyň işlerine we okuwçylaryna ýeňillik döretjek bildirişler.


Web sahypanyň düzgünleri:
1) Web sahypamyzdan alynýan islendik maglumaty ulanmak üçin çeşme (tmpedagog.com.tm) görkezilmelidir;
2) Ugratjak her bir maglumatyňyz Türkmenistanyň ähli Kanunlaryna laýyk, "Tmpedagog" döredijilik taslamasynyň maksadyna gabat gelmelidir;
3) Elektron poçtamyza hat ugratmak bilen bir hatarda, web sahypanyň düzgünleri bilen tanyş bolandygyňyza, maglumatyň takykdygyna güwä geçýärsiňiz;
4) Ugradýan maglumatlaryňyz üçin galam hakynyň tölenmeýändigini ýatladýarys, islendik işiňiziň "Tmpedagog" döredijilik taslamasyny goldamaklyk üçin bagyş edýändigiňizi mälim edýäris;
5) Gelen hatlaryň, habarlaryň mazmunyna "Tmpedagog" döredijilik taslamasy jogap bermeýär;
6) Haty ugradyjynyň @domain.tm görnüşli elektron poçtadan ugratmagy ýyly garşylanýar;
7) Hatyňyzdaky maglumatlar öň başga çeşmelerde ulanylan ýa-da köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilen bolsa, hökman görkezilmelidir;
8) Hata berkidilýän suratlar ähli talaplara laýyk gelmelidir we başga çeşmelerden alnan halatynda çeşme anyk görkezilmelidir;
9) "Tmpedagog" döredijilik taslamasy kesekileriň zähmetine hormat goýup, döredijiligiňizde başga awtorlaryň materiallaryny ulanmazlyga çagyrýar;
10) Salgymyza gelen hatlara syn we jogap berilmeýär.

Nurmuhammet Kurbanow saýtyň programmasyny ýazmakda we dowamly üýtgeşmeleri girizmekde,
Balkanabat şäheriniň Magtymguly adyndaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän umumybilim berýär ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň okuwçysy:
Bägül Şanurowa öz çeken suratlary bilen bezeg işinde ýakyndan ýardamçy bolýarlar.


HABARLAŞMAK ÜÇIN:
E-poçta:
dowranguly@gmail.com
tmpedagog@sanly.tm
Tel: +993 65 83 15 33

@tmpedagog
#tmpedagog #dowranmugallym

Tmpedagog